Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry geçirildi

09:0420.05.2025
0
8201
Daşoguzda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry geçirildi
Surat: Türkmenmetbugat

Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry geçirildi.

At çapyşyklary 5 tapgyrdan ybarat bolup, oňa üç, dört we uly ýaşar atlaryň 30-a golaýy gatnaşdyryldy. Daşoguzyň döwlet athanasyna, welaýatyň edara-kärhanalaryna hem-de hususy hojalyklara degişli atlar aýlawlarda özleriniň ýyndamlygyny görkezdiler diýlip, türkmen metbugatynda habar berildi.

Çapyşygyň dört tapgyry 1400 metr aralyga geçirilip, olaryň her birine gamyşgulak bedewleriň 5-si gatnaşdyryldy.

At çapyşygynyň bäşinji tapgyrynda bedewler 1800 metr aralyga goýberildi. Nurmyrat Ýusupowyň hojalygyna degişli Gyzylsuw gyr gysragy bu aralygy 2 minut 10,5 sekuntda geçip, ýazky at çapyşyk möwsüminiň welaýatda geçirilen ýaryşyny ýeňişli jemledi.

Ýeňiji bolan bedewlere serpaý ýapylyp, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň