Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen küştçüsi Özbegistandaky halkara turnirde ýeňiji boldy

13:1415.05.2025
0
12643
Türkmen küştçüsi Özbegistandaky halkara turnirde ýeňiji boldy
Surat: Uza.uz

Türkmenistanly küştçüler Özbegistanyň Karşi şäherinde geçirilen «Karshi Open» III halkara küşt turnirine gatnaşdylar.

Umumy baýrak gaznasy 350 million sumdan ybarat turnirde türkmenistanly Saparmyrat Atabaýew «A» toparçanyň ýeňijileriniň biri boldy. Bu barada uza.uz saýty ýazýar.

Ýeri gelende bellesek, 4 — 11-nji maý aralygynda geçirilen halkara ýaryş Türkmenistan bilen bir hatarda Azerbaýjandan, Russiýadan, Ysraýyldan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan jemi 300-e golaý türgeni bir ýere jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň