Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçiriler

11:4014.05.2025
0
16755

19—20-nji maýda paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde dürli ýurtlardan akademiki aýdym-saz ýyldyzlaryny bir sahnada birleşdirjek «Parahatçylyk sazy» atly festiwal geçiriler.

Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň çeper ýolbaşçysy Mamed Guseýnow we onuň aýaly, opera aýdymçysy, Moskwanyň «Gelikon-opera» teatrynyň artisti Darýa Guseýnowa hem medeni çäräniň hormatly myhmanlarynyň hatarynda bolarlar. Bu barada «Dutaryň owazy» guramaçylyk komiteti habar berýär.

Sazanda we kompozitor Mamed Guseýnow – Russiýanyň we halkara bäsleşikleriniň köp sanlysynyň baýraklarynyň eýesidir, Russiýada, Fransiýada, Germaniýada, Portugaliýada, Ispaniýada we Kanadada halkara aýdym-saz festiwallaryna we döredijilik rezidensiýalaryna gatnaşyjydyr, şeýle-de ol Fuat Mansurow adyndaky «Arkalaşygyň zehinleri» atly baýragyň eýesidir. Kompozitoryň döredijilik gorunda dürli žanrlarda döredilen eserler bar, olaryň arasynda S. Ýeseniniň, M. Lermontowyň, Ş. Bodleriň, H. Kakalyýewiň, G. Ezizowyň we beýleki şahyrlaryň goşgularyna ýazylan kamera-wokal eserlerini, wokal siklleri, şeýle hem «Solomon» operasy we «Magtymguly Pyragynyň monologlary» atly monoopera aýratyn orna eýedir.

Darýa Guseýnowa öz ýiti sopranosy we baý sahna tejribesi bilen tanalýar. Onuň dürli häsiýetli keşpleri ýerine ýetirişi Russiýanyň, Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Ysraýylyň, Ispaniýanyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Finlýandiýanyň, Fransiýanyň, Şwesiýanyň, Estoniýanyň we beýleki ýurtlaryň köp şäherlerindäki diňleýjileriň we tomaşaçylaryň ýüreklerini ýesir etdi. Aýdymçy häzirki zaman sazynyň, hususan-da, türkmen kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirmekde köp ýyllyk tejribä eýedir.

Aşgabatdaky «Parahatçylyk sazy» festiwalynyň sahnasynda çykyş etmek bilen, Darýa Guseýnowa nusgawy operalardan ariýalary, türkmen kompozitorlarynyň eserlerini, şeýle hem Mamed Guseýnowyň döredijiliginden eserleri ýerine ýetirer.

Konsert Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen döwlet simfoniki orkestriniň sazandarlyk etmeginde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň