2025-nji ýylyň 11–12-nji maýy aralygynda Kuweýtde Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) 45-nji Baş Assambleýasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Baş Assambleýanyň işine Halkara Olimpiýa komitetiniň häzirki Prezidenti Tomas Bah, täze saýlanan Prezidenti Kirsti Kowentri, Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, Milli Olimpiýa komitetleriniň Assosiýasiýasynyň ýolbaşçylary, Aziýa federasiýalarynyň prezidentleri, şeýle hem Türkmenistanyň Olimpiýa komitetiniň Baş sekretary A.Akmämmedow we Aziýanyň 45 döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdy – diýip, Türkmenistanyň Olimpiýa komitetiniň saýtynda habar berilýär.
Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň wise-prezidenti Timoti Fok we Baş direktory Huseýn Al Mussallam çykyşlarynda Aziýada Olimpiýa hereketiniň ösüşine aýratyn üns berdiler. Olar guramanyň sport derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlary taýýarlamak, gender deňligini we dolandyryş durnuklylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajyp ähmiýetini bellediler.