«Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýeňiş gazanmagy indiki möwsümde Türkmenistanyň üç toparynyň Aziýanyň klublaryň arasyndaky ýaryşlaryna gatnaşmagyna şert döretdi.
«Arkadag» AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna göni ýollanma eýe çykdy.
«Ahal» bolsa AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşyndaky ýoluny saýlama tapgyryndan başlar. Türkmen topary ýeňen halatynda, turniniň toparçalaýyn tapgyrynda oýnamaga hukuk gazanar. Ýeňlen ýagdaýynda bolsa ýoluny AFK-nyň Çagyryş ligasynda dowam etdirer.
Şeýle-de «Altyn Asyr» topary indiki möwsümde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder.
Ýeri gelende ýatlatsak, «Arkadag» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň «Swaýriýeng» klubuny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Türkmen toparynyň düzüminde 59-njy minutda Mekan Saparow we 112-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew tapawutlandy.
Ýaryşyň jemleri boýunça «Arkadagyň» iki oýunçysy şahsy baýraklara hem mynasyp boldy. Has takygy, finalda ýeňiş goluny uran Altymyrat Annadurdyýew 5 gol bilen turniriň «Iň netijeli oýunçysy» bolan bolsa, Şanazar Tirkişow turniriň «Iň gowy oýunçysy» hökmünde ykrar edildi.