Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Habi Alonso «Real» bilen üç ýyllyk şertnama baglaşmak barada ylalaşdy

15:1709.05.2025
0
19611

Marca neşiriniň berýän maglumatyna görä, Lewerkuzeniň «Baýer» klubunyň tälimçisi Habi Alonso häzirki möwsümiň ahyrynda Madridiň «Real» kluby bilen üç ýyllyk şertnama baglaşmak barada ylalaşyga geldi.

«Real» Germaniýanyň klubyna öwez tölegini tölär, sebäbi 43 ýaşly ispaniýaly hünärmeniň «Baýer» bilen häzirki şertnamasy 2026-njy ýylyň iýun aýyna çenli dowam edýär.

Bellesek, Alonso «Real» kluby üçin 2009-njy ýyldan 2014-nji ýyla çenli oýunçy hökmünde çykyş edip, häzir onuň diýseň uly tejribesi bar.

«Şa klubunyň» häzirki tälimçisi Karlo Ançelotti 25-nji maýda geçiriljek La Liganyň jemleýji tapgyrynda «Sosed» bilen oýundan soň kluby terk eder. Aýrylyşmak baradaky çözgüt «Realyň» Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda Londonyň «Arsenal» klubyna iki oýnuň jemi boýunça (0:3, 1:2) ýeňlişinden soň kabul edildi. Italýan tälimçisiniň ýakyn wagtda Braziliýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi bolmagyna garaşylýar.

Klublaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň dowamynda «Realyň» baş tälimçisi wezipesini Santýago Solari ýerine ýetirer, ol 2018-nji ýylda Madridiň futbol klubyna eýýäm ýolbaşçylyk edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň