Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Liwiýaly sungat ussatlary türkmen topragyndan galan öz täsirlerini paýlaşdylar

14:4505.05.2025
0
16684

Aşgabatda 1-3-nji maý aralygynda dürli çärelere beslenip geçirilen Liwiýanyň medeniýet günleri «Watan» kino-konsert merkezinde türkmen we liwiýaly artistleriň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy.

Tomaşaçylar Liwiýanyň baý saz mirasy bilen tanşyp, häzirki zaman sungatynyň köpdürlüligini we milli lybaslaryny görmäge mümkinçilik aldylar.

Liwiýaly sungat ussatlary bolsa «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň sahypalarynda türkmen topragyndan galan öz täsirleri bilen paýlaşdylar.

Liwiýadan gelen aýdymçy Halid Alzuwawi şeýle gürrüň berýär:

– Türkmen dilinde «Gyýma galam gaşlaryň» atly halk aýdymyny ýerine ýetirmek meniň üçin aýratyn buýsançly boldy. Türkmenistanda biz halkyň täsin gadymy medeniýetiniň häzirki döwürde hem dowam etdirilip, ösdürilýändigini bildik. Halkyň sungata bolan çyn söýgüsini we onuň täsin ruhy gözelligini duýduk. Bularyň hemmesi halklary birleşdirmäge we dostluk köprülerini gurmaga ukyply bolan sungatyň üýtgeşik güýjüni görkezýär.

Liwiýaly sazanda Abdulbasit Bendalla şeýle belleýär:

– Dürli halklaryň sazyny öwrenmäge çuňňur gyzyklanýan adam hökmünde men dutar we gyjak bilen ýerine ýetirilýän türkmen milli sazlary bilen golaýdan tanyşdym we olary diýseň haladym. Türkmenistanda sungata, şygryýete nähili gadyr goýulýandygyna we beýik ata-babalara hormat-sarpanyň ýokarydygyna öz tejribämde göz ýetirdim. Türkmen sazandalary bilen bilelikdäki konserte taýýarlyk gördük, Liwiýanyň we Türkmenistanyň saz medeniýetleriniň ruhy we äheňi taýdan nähili ýakyndygyny has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berdi. Ýaşlygymdan bäri ud saz guralyny çalmaga höwesim bar, bu saz guraly dürli äheňleri ýerine ýetirmek üçin örän amatly bolup, onuň sesi kalbyňy ylham hem joşgun bilen doldurýar. Aşgabat – täsin şäher, ol öz binagärlik gözelligi, köçeleriň arassalygy we elbetde, mähirli gurşawy bilen bizi haýran galdyrdy. Bu ýerde sungata, medeniýete we tebigy gözellige bolan hakyky söýgi duýulýar.

Liwiýaly myhmanlar şeýle hem Aşgabadyň gözel ýerlerini görmäge mümkinçilik aldylar. Olara aýratyn-da «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy täsir etdi. Şeýle hem olar Döwlet muzeýinde we Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde boldular.

- Täsin eksponatlar, baý taryh, nepis sungat – bularyň hemmesi güýçli täsir galdyrýar. Türkmenistan – baý medeniýetli we myhmansöýer halky bolan täsin ýurt – diýip, liwiýaly artistler bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň