2 — 7-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek göz öňünde tutulýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Awazada geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň Balkan welaýatynda geçiriljek medeni çäreler hakyndaky hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şeýle hem 31-nji maýda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň, 26-njy iýulda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyrlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.