Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, Daşoguzyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Almagül Nazarowa we Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň bölüm müdiri, ýokary derejeli mugallym Şirin Allabaýewa 26-28-nji aprelde Hywada geçirilen IV Halkara bagşyçylyk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş etdiler.
Festiwalyň çäklerinde Türki dünýäsiniň medeniýetiniň II forumy we «Täze Özbegistanda bagşyçylyk sungaty: häzirki zaman barlaglary we geljegi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hywa şäherine dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan takmynan 200 wekil geldi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, bagşylar bäsleşiginde Almagül Nazarowa öz ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin birinji orna mynasyp boldy.
Şirin Allabaýewanyň maslahatyň bölümleriniň birinde eden çykyşy foruma gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi, olaryň arasynda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň alymlary we dürli ýurtlaryň tanymal medeniýet işgärleri bardy.
«Dessançy bagşylar sungatynyň türkmen aýdym-saz mirasynyň taryhynda tutýan orny we ähmiýeti» diýen tema boýunça çykyş edip, Ş.Allabaýewa türkmen bagşyçylyk mekdebiniň žanr we ýerine ýetiriş aýratynlyklaryny hem-de saklanyp galan halypa-şägirt däplerini açyp görkezdi. Bu sungatyň iň görnükli wekili Şükür bagşynyň mysalynda ol ýaş bagşylary ýetişdirmäge täsir edýän ýagdaýlary hem belledi.
Festiwalyň netijeleri boýunça Türkmenistandan gatnaşan wekillere dabaraly ýagdaýda degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy – diýip neşirde bellenilýär.