Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Owganystana derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny eksport eder

11:0502.05.2025
0
17313

Hyrat welaýatynyň sebitleýin hassahanasynyň lukmanlary aprel aýynda Aşgabat şäherinde iş saparynda boldular. Saparyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Hyratdaky konsullygynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar derman senagaty we saglygy goraýyş tehnologiýasy babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Owgan lukmanlary Türkmenistanda antibiotikleri öndürýän türkmen-hindi bilelikdäki zawodynda öndürilen ýokary hilli we elýeterli bahaly dermanlary Owganystana eksport etmek mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşyldy.

Taraplar türkmen öndürijileri tarapyndan Owganystany derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek mümkinçiligi barada hem durup geçdiler. Türkmen tarapy derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny öndürýän kärhanalaryň işleri barada maglumat berdi, şeýle hem bu ugurda Owganystan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Owgan lukmanlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdi we iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek üçin tejribe alyşmagyň möhümdigini nygtady.

Şeýle-de saparyň çäklerinde owgan wekiliýeti türkmen lukmanlary bilen duşuşyklary geçirdi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň