Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Astrahanda «Filosoflaryň we şahyrlaryň türkmen zenanlary baradaky oýlanmalary» atly döredijilik agşamy geçirildi

16:2201.05.2025
0
20434
Astrahanda «Filosoflaryň we şahyrlaryň türkmen zenanlary baradaky oýlanmalary» atly döredijilik agşamy geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

30-njy aprelde W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) işgärleriniň gatnaşmagynda «Filosoflaryň we şahyrlaryň türkmen zenanlary baradaky oýlanmalary» atly döredijilik agşamy geçirildi.

Talyplary, mugallymlary we jemgyýetçilik wekillerini bir ýere jemlän çäräniň maksatnamasyna edebi kompozisiýalar we aýdym-saz çykyşlary girizildi. Şeýle hem bu ýerde görnükli akyldarlaryň we şahyrlaryň zenanlaryň türkmen medeniýetinde eýeleýän ornuna we keşbine bagyşlanan goşgulary hem-de jümleleri diňlenildi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky konsullygy habar berdi.

Döredijilik agşamynyň guramaçylary mähriban ene, wepaly ýanýoldaş, maşgala ojagynyň sütüni bolan türkmen zenanlarynyň milli ahlak we medeni gymmatlyklary saklap, nesilden-nesle geçirip gelýändiklerini hem-de munuň özüniň häzirki döwürde aýratyn ähmiýetli ýörelgelere öwrülendigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň