Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda immunizasiýa hepdeligi geçirilýär

10:3201.05.2025
0
16920

Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň soňky hepdesinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça ýola goýlan immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl BSGG-niň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda, şeýle-de Türkmenistanda Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi 28-nji aprel — 4-nji maý aralygynda geçirilýär. Onuň çäklerinde immunizasiýanyň ähmiýeti bilen bagly dürli wagyz-nesihat çäreleri guralýar.

Bu çäräniň maksady sanjym arkaly keselleriň öňüni almagyň ähmiýeti barada ilatyň habarly bolmagyny gazanmakdan, adamlarda immunizasiýa babatda sowatly hem-de ynamly garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň ilaty ýokanç kesellerden goramak ugrunda sanjymlar tölegsiz esasda amala aşyrylýan ilkinji we ýeke-täk ýurtdugyny aýratyn bellemek gerek.

Türkmenistanyň çäklerinde ýabany poliomielit, drakunkulýoz, gyzamyk, gyzylja, gyzzyrma ýaly ýokanç keselleriň bellige alynmaýandygy we düýbünden ýok edilendigi halkara derejede ykrar edilip, degişli güwänamalar bilen tassyklandy. Beýleki ýokanç keseller bilen kesellemeklik hem peseldi. Şunda her ýyl geçirilýän immunizasiýa hepdeliginiň ähmiýeti-de uludyr.

Bütindünýä immunizasiýa hepdeliginiň dowamynda saglyk öýlerinde raýatlar bilen telefon arkaly «gyzgyn aragatnaşyklar» ýola goýlup, öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti we zerurlygy barada olara maslahatlar berilýär. Saglygy goraýyş işgärleri ilat arasynda bolup, sanjymlaryň ähmiýetini düşündirýärler.

Degişli çäkde hasapda durmaýan we meýilnama boýunça sanjym almaýan çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, ýazuw işleri alnyp barylýar. Maşgala lukmanlarynyň, inçe ugurly saglygy goraýyş hünärmenleriniň arasynda immunizasiýa bilen bagly soraglar boýunça amaly okuw maslahatlary guralýar. Hamyla zenanlar bilen sanjymlaryň ähmiýeti barada gürrüňdeşlik geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda jemi 14 sany ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomielite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, pnewmokokk, rotawirus ýokançlaryna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna mugt edilýär.

Şeýle hem raýatlaryň isleglerine görä möwsümleýin döreýän ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň tertibi meýilnama boýunça düzülýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň