Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen bagşylary halkara festiwalda birinji orna hem-de 5 müň dollar pul baýragyna mynasyp boldular

14:3329.04.2025
0
12729
Türkmen bagşylary halkara festiwalda birinji orna hem-de 5 müň dollar pul baýragyna mynasyp boldular
Surat: Uza.uz

Ozal habar berşimiz ýaly, 26 — 28-nji aprelde Özbegistanyň Hywa şäherinde IV Halkara bagşyçylyk sungatynyň festiwaly geçirildi. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 200-e golaý wekili bir ýere jemlän festiwala türkmen bagşylary hem gatnaşdylar. Festiwalda Türkmenistanyň bagşylar topary baýrakly orny eýelemegi başardylar. Bu barada uza.uz saýty ýazýar.

Festiwalyň eminler toparynyň gelen netijesine görä, Türkmenistanyň halk bagşylar topary birinji orna hem-de 5 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragyna mynasyp boldular. Festiwalyň Gran-pri baýragy bolsa Azerbaýjanyň «Aşyklar» toparyna gowşuryldy.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal hem türkmen bagşylary bu festiwalda baýrakly orunlary eýeläpdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň