Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«ВиБи Образование»-nyň Aşgabatdaky söhbetdeşlikleri — Belarusuň uniwersitetlerine girmek üçin mümkinçilik

12:0016.04.2025
0
18774

«ВиБи Образование» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň kabul ediş komissiýalarynyň wekilleri bilen Aşgabatda söhbetdeşlikleriň tapgyrynyň geçirilýändigini habar berýär. Bu çäre hyjuwly ýaşlara we olaryň ene-atalaryna P.M.Maşerow adyndaky Witebsk döwlet uniwersitetiniň, Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň hem-de Ýewfrosiniýa Poloskaýa adyndaky Polosk döwlet uniwersitetiniň wekilleri bilen gönüden-göni aragatnaşyk gurmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.

Söhbetdeşlikler dalaşgärler üçin Belarusuň abraýly ýokary bilim edaralarynyň bir bölegi bolmaga we ýokary hilli bilim almaga ajaýyp şert döreder. Guramaçylar gatnaşyjylaryň hemmesine okuwa kabul edilmegini doly kepillendirýärler we synag tamamlanandan soň, degişli şahadatnamalar gowşurylar. Mundan başga-da, «ВиБи Образование» JÇJ geljekki talyplar üçin amatly syýahaty üpjün etmek maksady bilen, awiapetekleri satyn almaga kömek eder.

Üns beriň! Awgust aýynyň ikinji ýarymynda dalaşgärleriň arasynda «Belawia» awiakompaniýasynyň Türkmenbaşy — Minsk gatnaw ugry boýunça Belawiýa B2744 uçuşy üçin bäş sany awiapetegiň utuşly aksiýasy geçiriler.

Söhbetdeşlige gatnaşmak üçin şu resminamalary taýýarlamaly: pasport, orta bilim hakynda şahadatnama (ýa-da onuň bahaly göçürmesi), ýa bolmasa-da hasabat kartasy (heniz orta mekdebi tamamlamadyklar üçin).

Çäre Aşgabatda şu salgyda geçiriler: Atatürk köçesi, «Berkarar» işewürlik merkezi, 10-njy gat.

Test synaglarynyň we şahadatnamalaryň gowşurylyşynyň geçiriljek wagty:

22, 23, 24-nji maý: test barlagy sagat 14:00-dan 16:00-a çenli, şahadatnamalaryň gowşurylyşy we awiapetekleriň aksiýa çäresi 16:00-dan 17:00-a çenli geçiriler.

25-26-njy maý: test barlagy sagat 11:00-dan 14:00-a çenli, şahadatnamalaryň gowşurylyşy we awiapetekleriň aksiýa çäresi 14:00-dan 16:00-a çenli geçiriler.

Guramaçylar ýerleriň sanynyň çäklidigini bellemek bilen, gyzyklanma bildirýänleri özleri üçin bilim dünýäsiniň we geljegi uly hünärleriň gapysyny açmagy elden gidirmezlige çagyrýarlar.

Söhbetdeşlige ýazylmak we goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 62 102 212, +993 71 572 630, +375 29 855 10 60.

Habarlaşmak üçin:

  • elektron salgysy: vbgroup.education@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • web saýty: vbeducation.by.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň