«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisi Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna 2025-nji ýylda tomusky syýahatlaryny öňünden meýilleşdirmegi teklip edýär. Satuw ofisiniň işgärleri müşderilere hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyrlar: olar iň gowy ugry saýlamaga, amatly uçuş senesini bellemäge, biletleri bronlamaga we goşmaça hyzmatlary resmileşdirmäge kömek ederler.
«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Stambul – Aşgabat – Stambul ugry boýunça gatnawlaryň sanyny hepdede 14 uçuşa çenli artdyrandygyny ýatladýarys, bu bolsa ýolagçylara syýahatlaryny meýilleşdirmekde has amatly şertleri üpjün edýär.
Uçuşlaryň tertibi, biletleriň bahalary we olary bronlamak üçin «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisine ýüz tutup bilersiňiz: G.Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com
- telefon: (+993 61) 01 44 33
- web-saýt: turkishairlines.com.