Şu gün «Manas» Gyrgyz-Türk uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre guraldy.
Maksatnamanyň çäginde mugallymlaryň, talyplaryň we akademiki jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň güni geçirildi diýip, Türkmenistanyň Bişkekdäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Geçirilen okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatda gazanan üstünlikleri, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça ýurduň halkara guramalarynyň çäginde öňe süren başlangyçlary barada gürrüň berildi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilen çärelere aýratyn üns berildi.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistan barada wideo görkezildi we ýurduň medeni-taryhy mirasyny açyp görkezýän tematiki sergi guraldy.