Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Wolgograda dokma önümlerini eksport eder

17:4709.04.2025
0
32821

9-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd sebitinde Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyndaky Dokma toplumynyň hem-de Kaka dokma toplumynyň ýolbaşçylary ýerli işewür jemgyýetiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler. Çäre Wolgograd şäheriniň Ykdysady syýasat komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan şäheri) goldaw bermeginde guraldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Wolgograd sebitiniň arasynda özara söwda gatnaşyklarynyň geriminiň giňeldilmegi hem-de işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistandan Wolgograd sebitine dokma önümleriniň eksportynyň amala aşyrylmagy we dokma önümçiliginde bilelikdäki taslamalaryň guramaçylyk mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de güýçlendirilmegine we bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanmalaryny bildirdiler diýip, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygy habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň