23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy («TEIF 2025») 42 ýurduň wekillerini bir ýere jemlär. Bu barada forumyň guramaçylyk komiteti mälim etdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, foruma gatnaşmak üçin hasaba alyş 15-nji aprele çenli dowam etdi. Şol wagtyň dowamynda foruma gatnaşmak üçin 42 ýurduň 355-den gowrak wekili hasaba alyndy.
Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen aýratyn duşuşyklar üçin ýüz tutmalaryň hem kabul edilmegi tamamlandy. Arza bermegiň dowamynda halkara işewürler jemgyýeti tarapyndan ýokary gyzyklanma bildirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň hökümet wekilleri bilen göni gatnaşygy ýola goýmaga bolan güýçli islegi görkezýär. Arzalar dürli pudaklarda işleýän kompaniýalardan gelip gowuşdy. Olar ýurduň maýa goýum ýagdaýyny öwrenmäge, mümkin bolan taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga we işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga ymtylýarlar.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal «TEIF 2025» forumyna dünýäniň energetika ulgamyndaky iň uly we abraýly guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar beripdik. Foruma gatnaşjak ýolbaşçylaryň arasynda OPEK-iň (Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasy) Baş sekretary Haýtam Al Gais, Halkara Energetika Agentliginiň (IEA) ýerine ýetiriji direktory doktor Fatih Birol, Täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça Halkara agentligiň (IRENA) Baş direktory Frankesko La Kamera, Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Mohamed Hamel, Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary Atsuko Hirose dagy bar.