Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Horwatiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

13:0118.04.2025
0
14354

Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Buharest ş.) A.Annaýew Horwatiýa Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary, hökümetara Türkmen-Horwat bilelikdäki toparyň horwat tarapynyň başlygy jenap Goran Romek bilen duşuşdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

16-njy aprelde bolan duşuşykda gepleşikleriň esasy mowzugy, şu ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hökümetara Türkmen-Horwat Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň nobatdaky 4-nji mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy.

Taraplar Hökümetara toparyň geçiriljek duşuşygynyň iki ýurduň arasynda özara peýdaly söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orna eýe boljakdygy bellendi. Şu nukdaýnazardan A.Anaýew işewürlik forumlaryny geçirmek tejribesini dowam etdirmegi, şeýle hem Aşgabatda Horwatiýa kompaniýalarynyň we Zagrebde türkmen önümleriniň söwda-ykdysady sergilerini guramagy teklip etdi.

Türkmen tarapy Horwatiýa Respublikasynyň ajaýyp şypahanalary we täsin tebigy ýerleri bilen bütin dünýäde tanalýandygyny belläp, horwat tejribesini öwrenmegi we degişli edaralar bilen ýakyn aragatnaşyk ýola goýmagy, şeýle hem iki ýurduň syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmagy teklip etdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we güýçlendirmek, täze geljegi uly ugurlaradyr taslamalara girmek baradaky özara gyzyklanmasyny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň