Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Gazagystanyň artistleriniň konserti bolar

09:1401.04.2025
0
20051

Şu gün «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Günbatar Gazagystanyň G.Kurmangaliýewa adyndaky sebit filarmoniýasynyň sungat işgärleriniň konserti bolar.

«Nowruz — täze gün» atly konsert Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy.

Konsert 17:00-da başlar. Giriş tölegsizdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň