Türkmenistanyň Hytaýdaky Medeniýet ýylynyň çäklerinde 11-nji aprel güni Hytaýyň demirgazyk-günbatarndaky Şensi welaýatynyň Sian şäherinde konsert boldy. Bu çärede türkmen sungat işgärleri çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda tomaşaçylar türkmen halkynyň milli aýdym-sazlaryndan hem-de tanslaryndan özboluşly lezzet aldylar. Bu barada russian.news.cn habar berýär.
Şensi welaýatynyň häkiminiň orunbasary Sýuý Minfeýiň bellemegine görä, bu çärä Türkmenistan bilen medeniýet, sungat, syýahatçylyk we beýleki ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze başlangyç nokady hökmünde garalyp bilner. Şeýle-de Hytaýyň bu welaýaty medeniýet ulgamynda alyş-çalyşlary we özara baglanyşygy pugtalandyryň, iki ýurduň halklarynyň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna goşant goşar.
Çärä gatnaşan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Myrat Aradow iki ýurduň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň yzygiderli çuňlaşýandygyny belledi.
Çäräni Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Şensi welaýatynyň medeniýet we syýahatçylyk edarasy bilelikde gurady diýip, çeşme belleýär.