ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän, GIZ tarapyndan ýerine ýetirilýän “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: Ýewropa Bileleşigi (ÝB): 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” taslamasy tarapyndan, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň binýadynda täze döredilen Maglumat-seljeriş merkeziniň häzirki zaman IT enjamlary bilen üpjün etmekde degişli işler geçirildi. Munuň özi, Türkmenistanyň ylmy barlaglary we seljermeleri geçirmek arkaly has durnukly we ekologiýa taýdan arassa geljegi nazarlamagynda möhüm ädimdir.
Maglumat-seljeriş merkezi öňdebaryjy okuw meýilnamalary, seminarlar we iň täze tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak arkaly "Türkmengaz" döwlet konserniniň we Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny has-da ýokarlandyrmaga ýardam berer. Mundan başga-da, merkez LDAR (syzmalary ýüze çykarmak we bejermek) ýaly öňdebaryjy IT enjamlary we ölçeg enjamlary, dürli halkara emeli hemra çeşmelerinden alnan metanyň zyňyndylary baradaky maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek we tassyklamak babatda hünärmenleriň başarnyklaryny ýokarlandyrmakda möhüm orna eýe bolar. Bu toplumlaýyn çemeleşme, hünär endiklerini ýokarlandyrmaga we gaz pudagynda düýpli ylmy taslamalary öňe sürmäge kömek eder.
Çäre şu aşakdaky temalary öz içine aldy:
- Döwrebap IT enjamlaryny «Türkmengaz» döwlet konsernine gowşurmak.
- Hünärmenleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýewropanyň “ýaşyl” geçiş ulgamynda iň gowy ylmy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Tebigy gaz ulgamynyň ylmy institutlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak zerurdyr. Şeýle hem bu ugurda ýewropanyň iň gowy tejribelerini öwrenmek we durmuşa geçirmek möhümdir» diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekili belläp geçdi.
«Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: Ýewropa Bileleşigi (ÝB): 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň çäginde ýerine ýetirilýän bilelikdäki işler Türkmenistanyň ýaşyl energiýa geçişini goldamagy hem-de Ählumumy Metan Borçnamasynda gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegi maksat edinýär.
Maglumat-seljeriş merkeziniň döredilmegi tejribe derejesini ýokarlandyrmaga we tebigy gaz pudagynda öňdebaryjy ylmy taslamalary öňe sürmäge uly itergi bolar.