Arkadag şäheri Hançžou Dýanzi uniwersitetiniň Üstünlik şahadatnamasyna mynasyp boldy, Türkmenistan we Ermenistan medeniýet, ylym we sport ulgamlarynda bilelikdäki çäreleri geçirerler, türkmen tennisçileri Türkiýede geçirilýän dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykdylar we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Arkadag şäherinde Hytaýyň Hançžou Dýanzi uniwersitetiniň Üstünlik şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu abraýly şahadatnama Arkadag şäherini «ýaşyl» we ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy «akylly» şäher hökmünde ykrar edýär. Dabara şäheriň ýolbaşçylary, HHR-niň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçen, il sylagly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly çäre Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynda geçirildi.
2. Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Artur Martirosýan ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we sport ulgamlaryndaky gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň özara okuwlara we maslahatlara, şeýle hem talyplaryň we mekdep okuwçylaryň geçirilýän olimpiadalara yzygiderli gatnaşýandyklarynyň üstünde durup geçdiler.
3. Türkiýe Respublikasynyň ilçisiniň Aşgabatdaky rezidensiýasynda dürli dini ugurlaryň wekilleriniň we Türkmenistanyň jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmagynda agzaçar sadakasy berildi. Mukaddes Oraza aýynda agyz açmaga bagyşlanan agşama Türkmenistanyň müftüsi Ýalkap Hojagulyýewiň, katolik we prawoslaw ybadathanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy çäräniň dinleriň arasyndaky dostlukly häsiýetiniň nyşanyna öwrüldi. Agzaçara hormatly myhman hökmünde Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ilçileri, Türkiýäniň ilçihanasynyň işgärleri, işewür toparlaryň wekilleri we türk-türkmen bilim edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
https://turkmenportal.com/blog/88907/posolstvo-turcii-v-turkmenistane-organizovalo-iftar
4. Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň resmi tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu resminama 2025-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklandy. Çärä Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara toparynyň agzalary, ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler bu resminamanyň kabul edilmeginiň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmaga, ynsanperwer ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şeýle hem milli derejede wehimleriň öňüni almak bilen bagly işleri üns merkezinde saklamaga gönükdirilendigini bellediler.
Dünýäde
1. Üç aýa golaý wagt dereksiz ýiten diýlip hasaplanan peruwly balykçy Ekwadoryň çägine degişli suwlarda diri tapyldy. Napa Kastro iň soňky gezek 2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Markona portundan «Gaton-2» gämisinde balyk tutmaga gideninde aragatnaşyga çykypdy. Ol ilki maşgalasy bilen aragatnaşyk saklaýardy, ýöne 10 günden soň, ol Santa-Rosa adasyndan takmynan 40 km uzaklaşanda aragatnaşyk kesildi. Balykçynyň ýakynlary derrew degişli gulluklara ýüz tutdular, ýöne gözleg-halas ediş işleri hiç hili netije bermedi. Napa Kastronyň nirededigi 84 günüň dowamynda bäri näbelli boldy. Ony agyr ýagdaýdaka Ekwadoryň balykçylyk gämisiniň ekipažy tapdy. Halas edilende ol agyr suwsuzlykdan ejir çekýärdi, sebäbi soňky iki hepdäni agyz suwy bolmazdan geçiripdi.
https://turkmenportal.com/blog/88925/peruanskii-rybak-spasen-posle-95-dnei-dreifa-v-otkrytom-okeane
2. Alymlar ABŞ-da doglan we 117 ýaşynda ölýänçä dünýäniň iň garry adamy hasaplanan Mariýa Branýas Morerada özboluşly ýaşardyjy genleri tapdylar. Diri wagty Branýasyň mikrobiomyny we DNK-syny öwrenen alymlar onuň miras alan genetiki materialynyň öýjüklerine hakyky ýaşyndan 17 ýaş kiçi ýaly duýmaga mümkinçilik berýändigini kesgitlediler. Alymlar topary Branýasyň ömrüniň ahyryna çenli akyl taýdan sagdyn bolandygyny anykladylar. Onuň uzak ýaşynyň dowamynda başdan geçiren esasy saglyk meseleleri bogun agyrylary we eşidişiň peselmegi bilen çäklenýärdi.
Sport täzelikleri
1. Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndysy Türkiýäniň Manawgat şäherinde geçirilen abraýly «ITF Master's World Team Championship» ýaryşynda üstünlikli çykyş etdi. Milli ýygyndy 30+ ýaş derejesinde çykyş etmek bilen, dünýäniň iň güýçli 12 toparynyň bäsleşýän ýaryşynyň çärýek finalyna çykdy. Toparçadaky tapgyrda türkmen ýygyndysy Beýik Britaniýanyň toparyndan 0:3 hasaby bilen utuldy, emma çärýek finala çykmak üçin aýgytlaýjy oýunda Kanadanyň toparyndan üstün çykmagy başardy. Çärýek finalda türkmen tennisçileri Hindistanyň ýygyndysy bilen duşuşar.