Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:4713.03.2025
0
8176

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa komissary Sikela bilen duşuşdy, Türkmenistanda Bäherden keramika zawody açyldy, «Arkadag» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalyna çykdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşykda söhbetdeşler Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde üstünlikli ösýändigini, syýasy we diplomatik gatnaşyklaryň has işjeňleşendigini bellediler.

https://turkmenportal.com/blog/88869/prezident-turkmenistana-provel-vstrechu-s-evrokomissarom-sikeloi

2. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwrebap kärhana ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenendir. Täze kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda amala aşyryldy.

https://turkmenportal.com/blog/88868/serdar-berdymuhamedov-otkryl-novyi-zavod-keramicheskih-izdelii-v-ahalskom-velayate

3. Türkmenistanyň Mejlisi Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda Karar kabul etdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 65 ga ýeri Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirildi.

https://turkmenportal.com/blog/88872/administrativnaya-territoriya-goroda-arkadag-uvelichena-na-65-gektarov

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň maldarçylyk pudagyny ösdürmäge degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigine «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk fermasyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge ygtyýar berildi.

https://turkmenportal.com/blog/88870/prezident-turkmenistana-podpisal-postanovlenie-o-razvitii-zhivotnovodcheskoi-fermy-altyn-halka

5. Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistandaky umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» bäsleşiginiň saýlama tapgyrlary geçirilýär. Çärä dürli döredijilik ugurlarynda başarnyklaryny we zehinlerini görkezen gyzjagazlar gatnaşýarlar. Şunda aýdymçylyk ussatlygyna aýratyn orun berilýär.

https://turkmenportal.com/blog/88859/v-turkmenistane-prohodit-konkurs-samaya-ocharovatelnaya-devochka2025

6. Türkmen talyplary Albaniýada Günorta-Gündogar Ýewropa döwletleriniň uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 19-njy Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türkmenistanly talyplar 26 medala, ýagny 3 altyn, 10 kümüş, 13 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Şeýle-de, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Medine Ödaýewa olimpiadanyň Baş baýragyny eýeledi.

https://turkmenportal.com/blog/88898/turkmenskie-studenty-na-matematicheskoi-olimpiade-v-albanii-zavoevali-26-medalei

Dünýäde

1. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany bilen, kosmonawt Oleg Kononenko I derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglandy. Ýokary döwlet sylagy kosmos gözleginiň ösmegine goşan goşandy we Halkara kosmos stansiýasynda uzak möhletli kosmos uçuşynda görkezen edermenligi üçin berildi. Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenabat şäherinde doglup, şol ýerde-de orta mekdebi tamamlady, soňra bolsa Çärjewiň Birleşen awiasiýa bölüminiň awiatehniki bazasynda işledi. Ol «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly ada we «Altyn Aý» medalyna mynasyp boldy, Türkmenistanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin «Prezidentiň ordeni» bilen sylaglandy.

https://turkmenportal.com/blog/88899/kosmonavt-oleg-kononenko-nagrazhden-ordenom-za-zaslugi-pered-otechestvom-i-stepeni

Sport täzelikleri

1. «Arkadagyň» futbolçylary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda Hindistanyň «Ist Bengal» toparyny ýeňdiler. Duşuşyk çarşenbe güni Arkadag şäherindäki stadionda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Bu ýeňşiň netijesinde «Arkadag» ýaryşyň ýarym finalyna çykdy we onda Kuweýtiň «Al-Arabi» topary bilen duşuşar. Duşuşyklar 9 we 16-njy aprelde geçiriler.

https://turkmenportal.com/blog/88864/arkadag-vyshel-v-polufinal-ligi-vyzova-afk-posle-pobedy-nad-ist-bengal

https://turkmenportal.com/blog/88875/opredelilsya-sopernik-arkadaga-v-polufinale-ligi-vyzova-afk

2. Bije çekişligiň netijeleri boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2024/2025 futbol möwsüminiň ähli çärýek final jübütleri kesgitlenildi. Çärýek final tapgyrynyň ilkinji oýunlary 8-nji we 9-njy aprelde, jogap oýunlary 15-nji we 16-njy aprelde geçiriler. Ýaryşyň häzirki çempiony «Real» «Arsenal» bilen duşuşar. Bu jübütiň ýeňijisi «PSŽ» bilen «Aston Willanyň» arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan klub bilen ýarym finalda duşuşar. Dortmundyň «Borussiýa» kluby «Barselona» bilen oýnar. Bu jübütiň ýeňijisi ýarym finalda «Bawariýa» bilen «Inter» klubynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisine garşy oýnar.

https://turkmenportal.com/blog/88878/stali-izvestny-vse-chetvertfinalnye-pary-ligi-chempionov-uefa

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň