Italiýanyň Neapol şäherinde sebitde soňky 40 ýyldaky iň güýçli ýertitreme boldy. Bu barada «Euronews» habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.
Güýji 4,4 bal bolan ýerasty sarsgyn 13-nji mart gijesi boldy, ilki güýçli güňňüldi eşidildi, adamlar gorkup, köçä çykdylar.
Ýer yranmasy tutuş Neapol ülkesinde hasaba alyndy, has köp heläkçilik Banoli etrabynda hasaba alyndy. Ol ýerde binalara, awtoulaglara we keramatly Anna ybadathanasynyň jaň diňine zeper ýetdi. Ýangyn söndürijilere bir öýüň harabasynyň aşagyndan zenany halas etmek başartdy, onuň janyna howp abananok. Ýer titremesi sebäpli pida bolanlar barada habar berlenok.