Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýozef Sikela 12 — 18-nji mart aralygynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna sapar eder. Bu saparyň esasy maksady Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, şeýle-de ÝB-niň iş orunlaryny döretmek we durnukly ykdysady ösüşi berkitmek boýunça maýa goýum strategiýasy bolan «Global Gateway» maksatnamasyny giňeltmekden ybaratdyr.
Ýozef Sikela özüniň Merkezi Aziýa saparyny Türkmenistandan başlar. Sikela Türkmenistana saparynyň çäginde hökümet ýolbaşçylary we hususy ulgamyň wekilleri bilen duşuşar, şeýle hem Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürilmeginde strategiki ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna portuna baryp görer.
«Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi üçin möhüm hyzmatdaş bolup durýar we biziň hyzmatdaşlygymyz geljek üçin uly mümkinçilikleri açýar... Şonuň üçin men saparymyň dowamynda bu hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga çalşaryn. Meniň esasy maksadym ÝB-niň Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Global Gateway» maksatnamasynyň çäklerindäki esasy taslamalara üns bermekdir. Bu taslamalar ýokary hilli iş orunlaryny döretmek, işewürlik üçin täze mümkinçilikleri açmak we bilimden başlap, häzirki zaman infrastrukturasyna çenli esasy hyzmatlary gowulandyrmak maksadyna gönükdirilendir» diýip, Ý.Sikela belledi.
Ýeri gelende bellesek, «Global Gateway» – Ýewropa Bileleşiginiň ählumumy maýa goýum deňsizligini aradan aýyrmak, energetika, ulag, «akylly», arassa we ygtybarly sanly ulgamlary döretmek, saglygy goraýyş, bilim we ylmy-barlag ulgamlaryny pugtalandyrmak ýaly ugurlarda durmuşa geçirýän başlangyjydyr.