Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Anna gijesi Aý gyzyl reňke boýalar

14:5911.03.2025
0
11617
Anna gijesi Aý gyzyl reňke boýalar
Surat: Gazeta.ru

15-nji mart gijesi Aý tutulmasy bolar, ony aýratyn hem Demirgazyk we Günorta Amerikada synlamak üçin oňaýly şertler dörär, Ýewropada, Afrikada we Russiýada Aý batma tamamlanýança gözýetimiň aňyrsyna geçer. Bu barada NASA kosmos edarasyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Doly tutulma wagtynda Aý häsiýetli gyzyl reňk öwüşginini alar, bu Ýeriň atmosferasynda Gün şöhlesiniň döwülmegi bilen baglydyr. Bu hadysany köplenç «ganly Aý» diýip atlandyrýarlar.

Şu ýylyň 7-nji sentýabryndaky doly Aý tutulmasyny Aziýada, Afrikada, Awstraliýada we Ýewropada synlap bolar. Russiýada we GDA-nyň beýleki ýurtlarynda golaý wagtdaky Aý tutulmasyny 2026-njy ýylyň martynda synlap bolar.

Aý tutulmasyny synlamak üçin hiç hili ýörite enjam gerek däl, munuň üçin asmanyň açyk bolmagy hem-de aýdyň gözýetim ýeterlikdir diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň