ABŞ-da dört ýaşly oglanjyk ejesi buzgaýmagyny iýenden soňra dessin gulluklara til kakdy diýip, WTMJ neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.
Telefon jaňy 8-nji martda ýurduň Wiskonsin ştatynyň Maunt-Plezant şäheriniň polisiýa edarasyna gelip gowuşdy. Hukuk goraýjylaryň sözlerine görä, olar jaňy kabul edenlerinde, simiň ol tarapyndan çaga sesi: «Ejem özüni ýaramaz alyp barýar, ony gözenegiň aňyrsyna salyň» diýdi.
Poliseýler çaganyň nämeden arz edýändigini anyklamakçy bolanlarynda, ol diňe gelmegi we ejesini alyp gitmeklerini talap etdi. Biraz wagtdan telefony uly ýaşly zenan alyp, özüniň dört ýaşly oglanjygyň ejesidigini aýtdy. Ol: «Men onuň buzgaýmagyny iýenim üçin nägile bolup jaň edýän bolsa gerek» diýdi.
Çaganyň howpsuzdygyny anyklamak üçin poliseýler maşgalanyň ýaşaýan salgysyna bardylar. Olar öýe girenlerinde, oglanjyk pikirini üýtgetdi we ejesini adyl kazyýetlilige bermek maksadyndan dändi. Ertesi poliseýler maşgalanyň öýüne ýene baryp, oglanjyga buzgaýmak sowgat berdiler.