Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada Magadan çukçalaryny ýurduň oturymly halky diýip ykrar etmegi teklip etdiler

18:0411.03.2025
0
10849
Russiýada Magadan çukçalaryny ýurduň oturymly halky diýip ykrar etmegi teklip etdiler
Surat: Gazeta.ru

Russiýanyň Magadan oblastynyň Hökümet başlygynyň orunbasary Andreý Belozersew ýurduň Milletlilik işleri boýunça Federal agentligine çukçalary sebitiň asyl oturymly halky hökmünde ykrar etmek barada teklip bilen ýüz tutdy. Bu barada «Wedomosti» gazeti habar berdi.

2020-nji ýylda geçirilen Bütinrussiýa ilat ýazuwynyň jemleri boýunça Magadan oblastynda özüniň milletini çykça diýip görkezýän 294 adam ýaşaýar, olaryň 286-sy ady tutulan oblastda we onuň golaýyndaky ilatly ýerlerde ýaşaýarlar.

Emma muňa garamazdan, Milletlilik işleri boýunça Federal agentlikde Magadanyň çukçalaryň gadymdan gelýän oturymly ýeri däldigini, olaryň bu ýere XX asyryň ortalarynda göçüp gelip oturymlylaşandygyny aýdýarlar. Bu halkyýetiň taryhy watany Çukotka awtonom okrugydyr diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň