Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«ÇaparPay»: amatly töleg etmek üçin niýetlenen mobil goşundy

10:0212.03.2025
0
4715

«ÇaparPay» mobil goşundysy Türkmenistanyň raýatlarynyň gündelik durmuşyny görnetin aňsatlaşdyrýar. Döwrebap ulanyjynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilen bu goşundy banka ýa-da töleg terminalyna barmazdan, gönümel ýüzugra köp sanly maliýe amallaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ulanyjylar «ÇaparPay-yň» kömegi bilen ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy üçin jerimeleri, jemagat hojalygy hyzmatlary, meşhur «Belet» platformasynyň hasaby ýa-da «Älem TV» emeli hemra teleýaýlym hyzmatyna ýazylmak üçin tölegleri töläp bilerler.

Goşundynyň iň isleg bildirilýän funksiýalarynyň biri-de Türkmenistanyň içerki uçuşlary üçin awiapetekleri satyn almak mümkinçiligidir. Indi ýurt boýunça syýahaty meýilleşdirmek has-da amatly bolýar, sebäbi uçuş saýlamakdan başlap, awiapetegiň puluny tölemek ýaly ähli amallar gönüden-göni goşundy arkaly ýerine ýetirilýär.

Mundan başga-da, ulanyjylar goşundy arkaly «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň çaparyny çagyryp bilýärler. Bu bolsa poçta ýollamalaryny ibermegi we almagy örän ýeňilleşdirýär.

Bu töleg ulgamynyň ýene bir möhüm täzeçilligi ýurduň ähli welaýatlarynda «Türkmentelekom» operatorynyň telefon we internet hyzmatlarynyň töleglerini geçirip bolýandygydyr.

Goşundy ýükläp almak üçin Google Play we App Store internet dükanlarynda elýeterlidir.

«ÇaparPay» her aýyň ahyrynda birikdirilen hyzmatlar üçin tölegleri wagtynda geçirmegiň zerurdygyny ýatladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň