Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tramp aprelde Hytaýa sapar bilen baryp biler

09:1312.03.2025
0
3077
Tramp aprelde Hytaýa sapar bilen baryp biler
Surat: Report.az

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp aprelde Hytaýa sapar bilen baryp, ýurduň Lideri Si Szinpin bilen duşuşyp biler. Bu barada çeşmelere salgylanýan «South China Morning Post» habar berdi. Neşiriň nygtamagyna görä, Tramp Pekin bilen ylalaşyk baglaşmak isleýär.

Başga bir çeşme bolsa, Trampyň Szinpiniň ABŞ-da sapar bilen gelmegini isleýändigini ýazýar. Amerikan lideri hytaýly kärdeşini özüniň Florida ştatynyň Mar-a-Lago diýen ýerindäki mülkünde garşylamaga şat bolardy. Şol bir wagtda Pekin Waşingtonda resmi duşuşygy ýa-da Trampy HHR-e çagyrmagy islärdi diýip, çeşme belleýär.

Öň Donald Tramp Prezident kürsüsinde bolmagynyň ilkinji 100 gününiň dowamynda Hytaýa sapar bilen barmak islegi barada aýdypdy, eger Tramp aprelde Hytaýa sapar edäýse, bu onuň aýdýan möhletine girýär diýip, ady tutulan neşir nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň