Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aleksandr Turçin Belarussiýanyň täze Hökümet başlygy boldy

09:1211.03.2025
0
9662
Aleksandr Turçin Belarussiýanyň täze Hökümet başlygy boldy
Surat: Belsat.ru

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Respublikanyň Hökümet başlygy wezipesine Aleksandr Turçini belledi. Bu barada Prezidentiň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Turçin öň Prezidentiň kömekçisi, Ministrler geňeşiniň diwanynyň ýolbaşçysy bolup işledi. 2018-nji ýyldan Hökümet başlygynyň birinji orunbasary boldy, 2019-njy ýyldan ýurduň Minsk oblastyna ýolbaşçylyk etdi.

Öňki Hökümet başlygy Roman Golowçenko Belarussiýanyň Milli bankyna ýolbaşçylyk eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň