Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«RG.ru»: Türkmenistanly Sarygül Mätiýewa dünýäde iň uzak ýaşly zenan derejesine dalaşgärlik edýär

15:5810.03.2025
0
8514

Dünýäde iň uzak ýaşly zenanyň Türkmenistanda ýaşaýan bolmagy mümkin. «Türkmenistan» gazetiniň ýazyşy ýaly, gürrüň şu ýyl 117 ýaşy dolan Sarygül Mätiýewa barada barýar diýip, «rg.ru» ýazýar.

Rus neşiri türkmenistanly enäniň 1908-nji ýylda doglandygyny, resminamalara laýyklykda, onuň doglan gününiň 1-nji ýanwardygyny beýan edýär.

Häzirki wagtda S.Mätiýewanyň 43 agtygy, 97 çowlugy we 9 ýuwlugy bar. Sarygül ene 1936-nji ýylda türkmen zenanlarynyň atly ýörişine gatnaşdy. Uzak ýaşly ennäniň dogan-garyndaşlary onuň uzak ömür sürmeginiň syryny işjeňligi we durmuşa ruhubelent garaýşy bilen baglaýarlar. Sarygül ene ir oýanýar, hemişe hereketde we hiç wagt gussa çekmeýär. Onuň «Durmuşda adam maksatly ýaşamaly» diýen durmuş ýörelgesine eýerýändigini ogly gürrüň berýär.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenişi ýaly, öň hem ýurtda dünýäde iň uzak ýaşly diýlip ykrar edilmäge mynasyp bolan zenan ýaşapdyr. Ýagny Ajapsoltan Hajyýewa 122 ýaşap, 2022-nji ýylda aradan çykypdyr. Ýeri gelende aýtsak, iň uzak ýaş boýunça rekord 122 ýyl 164 gün ýaşan fransiýaly zenan Žanna Kalmana degişlidir.

Häzirki wagtda resmi taýdan Ýerde ýaşaýan iň uzak ýaşly zenan braziliýaly Ina Kanabarro Lukas hasaplanýar, onuň häzir 116 ýaşy bar. Ol Mätiýewadan bäş aý kiçidir» diýip, «Türkmenistan» gazetine salgylanýan «Rg.ru» ýazýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Turkmenportal» Türkmenistanyň we dünýäniň iň uzaky ýaşly ýaşaýjysy S.Mätiýewa baradaky maglumatlary paýlaşypdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň