Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk senetçiliginiň ussatlary TSTB-niň bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

12:0710.03.2025
0
6905

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp «Senetçilik - milli mirasymyz» atly bäsleşigiň geçiriljekdigini yglan etdi. Bäsleşigiň maksady garaşsyz we bitarap Türkmenistanyň gazananlaryny görkezmek, şeýle hem halk senetçiliginiň ussatlaryny goldamak bolup durýar.

Bäsleşik iki görnüş boýunça geçiriler: bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýasalan milli senetçiligiň önümleri we işleri. Bäsleşige gatnaşmaklyga haly dokaýan, keşde çekýän, şaý-sepleri ýasaýan, küýzegärçilik bilen meşgullanýan, agaç ussaçylygynyň, demirçilik senediniň, deri işläp bejermek we surat çekmek boýunça ussatlar çagyrylýar. Hödürlenýän işlerde ýurdumyzyň gazananlary, Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň we hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti görkezmelidir.

Bäsleşige gatnaşdyryljak işler TSTB-niň Sergi bölümi tarapyndan kabul edilýär. Hödürlenýän işleriň ýany bilen olaryň awtorlarynyň özleri hakdaky maglumat we işleriň gysgaça beýany berilmelidir. Bäsleşigiň ýeňijileri ýörite diplomlar we sowgatlar bilen sylaglanarlar, has tapawutlanan gatnaşyjylar höweslendiriji baýraklara mynasyp bolarlar. Bäsleşigiň netijeleri TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan maslahatyň we serginiň çäklerinde jemlener.

Goşmaça maglumatlary şu telefon belgilerine jaň edip, alyp bilersiňiz: +993 12 21 23 75, +993 12 21 23 64, +993 12 21 23 68.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň