Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda 29 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

10:5010.03.2025
0
5370
Birža söwdalarynda 29 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Surat: Türkmenaltyn.com.tm

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen natriý hloridini, karbamidi, ECO-93 kysymly awtoulag benzini, nebit önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.

Mundan başga-da, Germaniýanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň telekeçileri buýan köküni, tüýjümek dokma önümleriniň dürli görnüşlerini, jins matasyny, nah ýüplügi, buýan kökünden taýýarlanan çaý içgisini satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 355 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin bahasy 4 million 200 müň manada deň bolan buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň