Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda howa maýlamagyny dowam eder

10:4410.03.2025
0
6055
Türkmenistanda howa maýlamagyny dowam eder
Surat: Medeniyet.gov.tm

Şu hepde Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gündizlerine howanyň maýlamagyna garaşylýar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3... +5 gradusdan +6... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +14... +16 gradusdan +22... +24 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +24 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +12... +17 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12... +17 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12... +17 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +11... +16 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň