Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça pudagara topar döredildi

09:5110.03.2025
0
7605

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysady ugurly halkara guramalar, maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda resminamalaryň taslamalaryny işläp düzmek boýunça pudagara topar döredildi we bu toparyň düzümi, şeýle hem topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, resminama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” we “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelere laýyklykda hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek üçin halkara we sebitleýin maliýe institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň