Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mart aýynda Türkmenistanda «Bäherden» keramiki önümler kärhanasy açylar

23:0609.03.2025
0
17492

Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Annamämmedow täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny barada maglumat berdi – diýip,TDH agentligi habar berýär.

Wise-premýeriň hasabatyna görä, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda gurlan keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän «Bäherden» kärhanasynyň açylyş dabarasyny şu ýylyň mart aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, wise-premýere Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň