Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pekinde Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri tanyşdyryldy

13:0709.03.2025
0
12367
Pekinde Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri tanyşdyryldy
Surat: mfa.gov.tm

Pekin şäherinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Hytaýyň Kärhanalary daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň bilelikde guramaklarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistana maýa goýumlaryny çekmek boýunça maslahat» atly işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Pekin şäherindäki ilçihanasy habar berdi.

6-njy martda geçirilen forumyň maksady Assosiasiýa agza bolan 40 sany hytaý kompaniýasyny Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ilçisi P.Durdyýew, Assosiasiýanyň prezidenti He Çženweý, şeýle hem ilçihananyň söwda wekili Ş.Batyrow çykyş etdiler.

Assosiasiýanyň prezidenti He Çženweý özüniň gutlag sözünde Türkmenistan bilen Hytaýyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň taryhyna degip geçmek bilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlaryna üns çekdi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň wajyp orny nygtaldy.

Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda ýurtda ilatyň hal ýagdaýyny gowulandyrmaga we ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen Türkmenistanyň 2028-nji ýyla çenli döwür üçin orta möhletleýin we 2052-nji ýyla çenli döwür üçin uzak möhletleýin durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň syýasy taraplary we ähmiýeti barada durup geçdi. Şu nukdaýnazardan, ol hytaýly işewürleri Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Ilçihananyň söwda wekili Ş.Batyrow öz çykyşynda hytaý maýa goýumlaryny çekmek üçin nebit, gazhimiýa, agrosenagat, ulag-logistika, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ýaly geljegi uly bolan ugurlar barada durup geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar şu ýyl Aşgabat şäherinde ýöriteleşdirilen türkmen-hytaý işewürlik forumyny geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň