Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Aşgabada resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, soňra Premýer-ministr Irakliý Kobahidze Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna bardy. Bu ýerde ol görnükli gruzin şahyry Şota Rustaweliniň ýadygärligine gül dessesini goýdy.
Gruziýanyň Hökümetiniň Baştutany saparynyň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp gördi. Ol muzeýiň eksponatlary bilen tanşyp, türkmen halyçylarynyň zehininden dörän sungat eserleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.