Ozal habar berşimiz ýaly, 7-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäni kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen döwletiniň parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde Gruziýanyň goldawyna Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, şol başlangyçlaryň biri hem 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklip boldy. Bu teklip BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden degişli Kararnamasynda berkidildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary wekilçilikli forumynyň geçiriljekdigini we onuň taryhy sene – BMG tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belläp, Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäni bu ýokary derejeli duşuşyga çagyrdy.
Söhbetdeşligiň çäklerinde bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly we netijeli gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň möhüm ugry bolup durýar. Energetika, senagat we saglygy goraýyş ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri gazanyldy.
Ulag-logistika ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan «Gara deňiz – Hazar deňzi», «Lapis Lazuli», «Ýaşyl portlar» ýaly taslamalary durmuşa geçirmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Bu strategik taslamalaryň amala aşyrylmagy Hazar deňziniň we Gara deňziň üsti bilen Aziýadan Ýewropa ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, netijede, söwda-ykdysady we sebitara gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berer.