Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministrini kabul etdi

23:1207.03.2025
0
15812

Şu gün Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda gepleşikler geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu duşuşyk Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky netijeli döwletara dialoga täze itergi bermäge hem-de hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny nazara almak bilen, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyny türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Gruziýanyň Türkmenistanyň dosty we ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäniň bu saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda iki döwletiň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny özara talaplara we mümkinçiliklere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýeterlik kuwwata eýediklerini belledi. Döwlet Baştutany ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle-de medeniýet we sungat, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak, bilelikdäki çäreleri, sergileri we maslahatlary geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, Gruziýanyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şeýle-de ol Prezident Mihail Kawelaşwiliniň türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirip, Gruziýanyň Bitarap Türkmenistanyň netijeli syýasatyna ýokary baha berýändigini, sebitde parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny goldaýandygyny nygtady.

Premýer-ministr Irakliý Kobahidze döwletara syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, ulag-logistika we energetika ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Şunda iki ýurduň wekiliýetleriniň duşuşygynda gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigi nygtaldy.

Duşuşykda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmagyň dowamynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň