Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisinde iki aýyň jemlerine garaldy

23:0307.03.2025
0
11175
Hökümet mejlisinde iki aýyň jemlerine garaldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde geçen iki aýda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere garaldy.

Hökümet mejlisinde ilki milli parlamentiň ýolbaşçysyna söz berildi. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda şu ýylyň iki aýynda daşary ýurtlaryň parlamentleriniň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň birnäçesiniň wekilleri bilen duşuşyklaryň 11-siniň geçirilendigi, Mejlisiň deputatlarynyň we hünärmenleriniň kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 18-sine gatnaşandyklary barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagyň kabul edilýän kanunlara baglydygyny aýdyp, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ýurduň daşary syýasaty, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, ýurduň daşary syýasaty bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutany ertir Halkara zenanlar güni bolan 8-nji Mart baýramynyň dabaraly bellenilip geçiljekdigini, ýurduň gülläp ösmegine zenanlaryň mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny aýtdy hem-de ähli eneleri, gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň