Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çägindäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler.
Söhbetdeşlikde taraplar ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary we iň ýokary derejelerdäki duşuşyklar boýunça hem pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.