Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnama gol çekildi

17:0207.03.2025
0
19855

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň daşary işler ministri hanym Maka Botçorişwiliniň iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnama gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy 7-nji martda Aşgabatda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde bolup geçdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ýokary derejedäki gatnaşyklaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini nygtadylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar işjeň dialogyň hem-de departamentleriň ýolbaşçylary we bölüm müdirleri derejesinde geçirilýän yzygiderli geňeşmeleriň üsti bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etmäge ygrarlylygy beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň