Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

7-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:1707.03.2025
0
8615

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, Türkmenistanda «Talyp gözeli – 2025» saýlandy, türkmen ýokary okuw mekdebi ilkinji gezek Moskwa döwlet uniwersitetiniň halkara maslahatynyň geçiriljek ýeri bolar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalaryna degişli düzedişleri girizdi.

https://turkmenportal.com/blog/88674/glava-halk-maslahaty-turkmenistana-osmotrel-proekty-stroitelstva-v-gorode-arkadag

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň we ýurduň atşynaslarynyň täze şähere çenli uzaýan ýoly «Ahalteke atlary» şaýoly diýip atlandyrmak barada türkmen halkynyň Milli Liderine aýdan haýyşlaryny beýan etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy bu mesele boýunça Türkmenistanyň Mejlisine degişli teklibiň ugradylmalydygyny aýtdy.

https://turkmenportal.com/blog/88676/doroga-v-arkadag-mozhet-poluchit-nazvanie-ahalteke-atlary-shaely

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygyny bellemek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna gaznanyň dolandyryş işleri boýunça wise-prezidenti Rejep Bazarow we gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.

https://turkmenportal.com/blog/88675/fond-imeni-gurbanguly-berdymuhamedova-gotovitsya-k-prazdnovaniyu-4letiya-svoei-deyatelnosti

4. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşyk işleriniň batly depginlerde alnyp barylýan ýerine bardy we bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň barşy bilen tanyşdy. da bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň tanyşdy. Hususan-da, durmuş maksatly desgalaryň, ýol-ulag düzümlerine degişli binalaryň, şeýle hem lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň taslamalaryna üns berildi.

https://turkmenportal.com/blog/88677/gurbanguly-berdymuhamedov-proinspektiroval-stroitelstvo-obektov-vtoroi-ocheredi-goroda-arkadag

5. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Talyp gözeli — 2025» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň 23-si gatnaşdy. Bäsleşikde baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Aýlar Çaryýewa mynasyp boldy.

https://turkmenportal.com/blog/88681/v-turkmenistane-vybrali-studencheskuyu-krasu2025

6. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ilkinji gezek Moskwanyň döwlet uniwersiteti tarapyndan guralýan talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň «Lomonosow» atly Halkara ylmy maslahatynyň iki mejlisiniň geçiriljek ýeri bolar. Maslahat 2025-nji ýylyň 11-25-nji aprelinde geçiriler. Forum Türkmenistandan başga-da Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň Russiýadaky, Gazagystandaky, Täjigistandaky, Ermenistandaky, Özbegistandaky, Azerbaýjandaky we Hytaýdaky şahamçalarynda guralar.

https://turkmenportal.com/blog/88687/turkmenskii-vuz-vpervye-stanet-ploshchadkoi-mezhdunarodnoi-konferencii-mgu

7. 18-nji martda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Jidda ugry boýunça goşmaça uçuşy girizmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy bu ugur boýunça yzygiderli gatnawy hepdede iki gezek – çarşenbe we anna günleri amala aşyrýar. Awiakompaniýanyň ähli halkara we içerki uçar gatnawlaryna biletleri turkmenistanairlines.tm saýtyndan onlaýn görnüşde satyn almak mümkindir.

https://turkmenportal.com/blog/88652/aviakompaniya-turkmenistan-18-marta-organizuet-dopolnitelnyi-reis-v-saudovskuyu-araviyu

8. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hökümet düzümleriniň we BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda ÝUNISEF-iň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen boýunça 11 sany resminama gol çekildi. Gol çekilen resminamalar hyzmatdaşlygyň ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, habar beriş serişdeleri hem-de beýleki möhüm ugurlaryny öz içine alýar.

https://turkmenportal.com/blog/88669/turkmenistan-i-yunisef-podpisali-11-dokumentov-o-sotrudnichestve-na-2025-god

Dünýäde

1. Belgiýada ýaşaýjylary bir aýlap et iýmezlige çagyrýan her ýylky çäre başlandy. Bu başlangyja gatnaşyjylara wegetarian aşhanalary bilen tanyşmak we ösümlik esasly iýmitlenişiň adamyň saglygyna hem-de planetanyň ekologiýasyna edýän oňyn täsirini öwrenmek teklip edilýär. Guramaçylaryň bellemeklerine görä, et önümlerini iýmekden wagtlaýyn ýüz öwürmek hem daşky gurşawa ýaramaz täsiri ep-esli azaltmaga kömek edýär. Hasaplamalara görä, etsiz bir aý parnik gazlarynyň möçberini 555 kilometr ýol geçen awtoulagyň çykarýan zyňyndy gazyna deň mukdarda azaldýar. Mundan başga-da, bu ädim takmynan 84 müň litr suw tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

https://turkmenportal.com/blog/88700/zhitelyam-belgii-predlozhili-otkazatsya-ot-myasa-na-mesyac

2. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hünärmenler kesilen güllere ideg etmek boýunça teklipleri paýlaşdylar. Dogry ideg baýramçylyk çemenini mümkin boldugyça uzak saklamaga kömek eder. Hünärmenler güli satyn alnandan soň derrew suwda goýmagy maslahat berýärler. Terligi uzaltmak üçin suwa az mukdarda şeker goşup bilersiňiz. Çemeni waza salmazdan ozal, aşaky ýapraklaryň hemmesini, şol sanda guran we täze ýapraklary aýyrmak maslahat berilýär.

https://turkmenportal.com/blog/88692/kak-prodlit-zhizn-buketu-cvetov

Sport täzelikleri

1. Türkmen hokkeýçileri «B» toparyň üçünji diwizionynda Tailandda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyndan 18:7 hasabynda üstün çykyp, ikinji ýeňşini gazandylar. «Galkan» klubyndan Soltanhamit Wahitow we «Şir» klubyndan Iskenderhan Durdyýew bilelikde 9 şaýba geçirip, Türkmenistanyň milli ýygyndysynda iň köp tapawutlanan oýunçylar boldular.

https://www.turkmenistan.gov.tm/ru/post/92668/hokkeisty-turkmenistana-u18-krupno-obygrali-komandu-yuar-na-yuniorskom-chm-2025-v-tailande

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň