4–5-nji martda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde elektron galyndylar boýunça II Merkezi Aziýa forumy geçirildi. Forum Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ), BMG-niň Okuw we ylmy-barlag instituty hem-de «Durnukly ösüşe ýardam» merkezi tarapyndan bilelikde gurnaldy.
Çärä Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň statistika edaralarynyň işgärleri, daşky gurşawy goramak edaralarynyň wekilleri, Stokgolm konwensiýasynyň borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça milli merkeziň bilermenleri, Germaniýanyň federal daşky gurşaw agentligi (UNITAR) hem-de döwlete degişli bolmadyk guramalaryň hünärmenleri gatnaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Forumyň dowamynda gatnaşyjylara elektron galyndylaryň dinamikasy, kanunçylykdaky üýtgeşmeler, elektron galyndylary gaýtadan işlemek we ýok etmek boýunça täze çemeleşmeler barada maglumat berildi.
Gatnaşanlar galyndylary toparlara bölmek boýunça gollanmalary, hasabatlary we elektron galyndylaryň statistikasy bilen baglanyşykly görkezijileri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, ýurtlara elektron galyndylar boýunça statistiki maglumatlary taýýarlamakda goldaw bermek meseleleri barada özara pikir alyşdylar.