Halkara zenanlar güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2025» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp gyzlaryň 23-si gatnaşdy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
«Talyp gözeli — 2025» bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, özleriniň döredijilik ukyp-başarnyklaryny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň belent dabarasyny beýan edýän aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar Gahryman Arkadagyň tagallasy bilen taýýarlanan «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde başarnyklaryny görkezdiler. Olar «Hünärim bar — hormatym bar» şerti boýunça keşde çekdiler. Bilşimiz ýaly, bu milli sungat ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.
Eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Aýlar Çaryýewa mynasyp boldy. 1-nji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Ogulhajar Gulowa, 2-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Güljahan Hojaýewa hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Kümüş Annabaýewa, 3-nji orna degişlilikde Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Gülşirin Mamanowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Sahydursun Mätiýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Akmaral Ýagmurowa dagy mynasyp boldy.