Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde, ilki bilen, täze şäherde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dolandyryş işleri boýunça wise-prezidenti R.Bazarowyň we gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň gün tertibine gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Wise-prezidentler ynsanperwerlik ýörelgelerini esasy ugur edinýän bu gaznanyň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň, bu ugra degişli ylmy-amaly maslahatyň, guraljak serginiň we aýry-aýry ugurlar boýunça degişli düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklaryň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygy barada hasabat berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Prezidenti Gahryman Arkadag gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýörite Maksatnamasynyň taýýarlanmalydygyny we onuň tassyklanmalydygyny belledi.
Gaznanyň ugurdaş düzümler, şeýle hem abraýly halkara guramalar, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde iş alyp barmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy olaryň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini aýtdy. Şeýle hem ýurtda çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň hukuklary boýunça kanunçylyk namalarynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmeginiň zerurdygy bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gaznanyň hökümet edaralary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen maslahatlaşyp, düzümiň işini has-da kämilleşdirmäge, zerur bolsa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde çagalaryň saglygy bilen baglanyşykly täze ugurlaryň döredilmegine degişli meseleler boýunça pikir alşylmalydygyny belledi.