Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Bangkogdaky forumynda zenanlaryň hukuklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

22:2606.03.2025
0
14380

6-njy martynda Taýlandyň Bangkog şäherinde Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sebitleýin çäreler geçirildi. Bu çäreler BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasy tarapyndan guraldy.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Dünýä dilleri» ÝUNESKO klubunyň başlygy we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň agzasy Ogulsabyr Berdiýewa hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat, seljerme we halkara gatnaşyklary bölüminiň esasy hünärmeni Güljahan Berdiýewa çykyş etdiler.

BMG-niň Konferensiýa merkezinde Türkmenistanyň wekilleri sebitleýin syýasatyň zenanlaryň hukuklary bilen bagly meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde wekiller Türkmenistanda zenanlary goldamak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalar bilen tanyşdyrdylar we sebitiň beýleki ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyş boldular. Hususan-da, zenanlaryň ykdysady mümkinçilikleriniň giňeldilmegine we olaryň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynda möhüm çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmaklaryny işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň